icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 sentýabr 2021

1132

Ženewada Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça ministrler derejesinde maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgamlaýyn esasda ynsanperwerlik hemaýatyny berýär. Hususan-da, goňşy ýurtda durmuş maksatly taslamalary - mekdepleri, hassahanalary we metjitleri durmuşa geçirmek gurmak arkaly, Türkmenistan şeýle-de derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary görnüşinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini ýollaýar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi