icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 sentýabr 2021

1060

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýdyp, myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk hem-de Täjigistanyň başlyklyk etmegindäki bu möhüm çäräniň ajaýyp guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Emomali Rahmon Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatyny hem-de sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy üpjün etmegiň maksadyna kybap gelýän döredijilikli başlangyçlaryny Täjigistanyň doly goldaýandygyny belledi.

Bu babatda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Prezident Emomali Rahmony ýurdumyza gelmäge çagyrdy hem-de munuň sebiti mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Täjik Lideri dostlukly Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn derejede we umuman, sebitde özara düşünişmek hem-de goldamak ýagdaýyny döretmek üçin örän möhüm şert hökmünde YHG-nyň çäklerinde köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmek işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän işjeň ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi