Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Şeýle hem taraplaryň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri, ilkinji nobatda bolsa ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary bu gün milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň geljegini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňat şertleriň bardygy hem-de eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.  

Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini ýurdumyzda şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna doly gabat gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.