icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2021

795

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentine ýazan haty gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Döwlet Baştutanyny BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

"2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda gibrid görnüşinde Pekin şäherinde HHR-iň hökümeti “Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş” atly Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyny guraýar. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji oktýabrda geçiriler.

Bu maslahatyň geçirilmegi özara pikir alyşmak we ähli ýurtlaryň hemmetaraplaýyn özgerişini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma hökmünde hyzmat eder, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam berer hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegine goşant goşar.

Sizi maslahatyň açylyşyna gatnaşmaga we onuň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmäge uly kanagatlanma bilen çagyrýaryn. BMG-niň maşgala agzalarynyň arasynda durnukly ösüş ugry boýunça tejribe alyşmak üçin hem-de gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik bolar diýip pikir edýärin." - diýlip hatda aýdylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi