icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 oktýabr 2021

873

Kabulda ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 31-nji oktýabrda Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. 

Duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.  

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdulsalom Hanafi: «Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin bolan ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk aýratynlyklary hem döredildi», - diýip belläp geçdi. 

Owganystanyň Goranmak ministri Muhammad Ýakub hem-de Içeri işler ministriniň w.w.ý.ý. Sirajuddin Hakkani bilen geçirilen işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki taslamalary, şol sanda demir ýoluň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny doly goldaýarlar.

Owganystanyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy: «Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys», - diýip tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi