icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2021

1205

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-türk gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi nobatdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi