Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Bu ýerde myhmany resmi garşy almak dabarasy geçirilýär.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Oguzhan adyndaky Köşkler toplumyna ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasynyň tamamlanmagyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän otagyna çagyrýar, bu ýerde «ikiçäk» görnüşde ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri geçirildi.
Iki doganlyk ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşliginiň dowamynda nygtalşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy däp bolan dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet bermek arkaly, giň gerimli ugurlar boýunça netijeli özara hereketleri alyp barýarlar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan bu sapary geljekde özarabähbitli hyzmatdaşlygyň, şeýle-de döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň ençeme derwaýys meseleleri boýunça hem pikirleri alyşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň uzakmöhletleýin we strategiki özara hereketleriniň ösdürilmegi we giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki derwaýys ugurlary babatynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmeginiň giň mümkinçilikleri hakynda hem pikir alyşyldy.
«Ikiçäk» görnüşde gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar özarabähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň has hem işjeňleşdirilmegine hem-de ösdürilmegine gönükdirilen döwletara, hökümetara we pudagara namalaryndan ybarat bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra iki ýurduň Döwlet ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Döwlet baştutanlary gepleşikleriň barşynda sebit derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berilendigini bellediler. Taraplaryň ikisiniň hem ikitaraplaýyn, şeýle-de abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde gaýragoýulmasyz meseleleriniň derwaýys çözgüdi babatynda ysnyşykly özara hereket etmek barada ylalaşyga gelendikleri nygtaldy.
KHBS ýüzlenme tamamlanandan soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň döwlet sylagy - «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygynyň işine gatnaşar.