icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2021

1356

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan onlaýn-serginiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde gurnan halkara wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary we beýleki KHBS wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, konsullary, syýasatşynaslar, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt KHBS wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Maliýe we ykdysadyýet, Medeniýet, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Dokma senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrleriniň orunbasarlary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygynyň orunbasary, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekili öz çykyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de “EKSPO 2020” türkmen milli pawilionyndan wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri, hususan-da Dubaýyň ykdysady departamentiniň agzasy, “Alamaip” kompaniýasyny esaslandyryjy çykyş etdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýan ählumumy howpsuzlygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygy berkidilmegine gönükdirilen derwaýys teklipleriniň we parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de türkmen bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki aýratyn orny hem bellenilip geçildi. Bu wirtual serginiň Türkmenistanyň durmuşyň ähli ugurlary babagynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirmäge, ýakyn we alysda ýerleşýän ýurtlar bilen söwda we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmäge mümkinçilik berjekdigi barada nygtaldy.

Wekiller gatnaşyjylaryň ünsüni döwletimiziň energetika diplomatiýasy ulgamynda alyp barýan işlerine çekdiler. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýändigi barada hem aýdyldy.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylar yzygiderli kämilleşýän bilim we ylym ulgamy, şol sanda şu ýylyň dowamynda geçirilen ylmy maslahatlar, halkara forumlar, ulanylmaga berlen täze desgalar, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň sportda ýeten ýokary üstünlikleri we olaryň bilim ulgamynda gazanan ýeňişleri barada gürrüň berdiler. Bitaraplyk we Garaşsyzlyk düşünjeleriniň parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri bilen ysnyşykly baglanşyklydygy barada hem nygtaldy.

Halkara wirtual sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda 3D formatda ýerleşdirilendir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi