icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 ýanwar 2022

1080

METBUGAT ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler.

Şeýle hem diplomatlar, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän, her ýylky ikiktaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, taraplar 2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-Amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

 

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy.
2022
-nji ýylyň 26-njy ýanwary

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi