icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 fewral 2022

3199

KHBS üçin habar

Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, taraplar hökümetara hereketleriň, hususan-da Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi babatynda ylalaşdylar.

        

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy.
07.02.2022
ý.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi