icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 fewral 2022

927

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu guramanyň ýurtlarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasy bilen dahylly birnäçe halkara gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bilen seredýändigi bellenildi.

Diplomatlar Türki döwletleriň guramasynyň synçylarynyň şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we geçirilişine gözegçilik etmek boýunça toparyny ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi