icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2022

1761

“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda paýtagtymyzyň “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň agzalary we lukmanlar gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda öz çykyşlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad  Faýýazi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Seýitliýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

Öz giriş sözünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow täze maksatnamanyň ýurduň temmäkiden azat derejesini kesgitlemek, bu ugurdaky syýasatyň durmuşa geçirilişine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine ýörite gözegçiligi amala aşyrmak, ilatyň, ilkinji nobatda ýaşlaryň temmäkiniň zyýanly täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ýoly bilen temmäkä garşy göreşmegi berkitmek boýunça milli standartlary emele getirmäge gönükdirilendigini belledi.

Ol, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmäge gönükdirilip taýýarlanylan Maksatnamany kabul etmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýlan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň gönüden-göni saglygy berkitmek arkaly halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini avdandygy barada nygtady.

Brifingde çykyş eden halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek we gözegçilik etmek boýunça köp wagtdan bäri netijeli işleri alyp barýandygyny belläp geçdiler. Munuň bolsa, temmäkä garşy üstünlikli göreşmek boýunça gowy mysal bolup durýandygyny Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň eýýäm birnäçe gezek belländikleri aýdyldy. Türkmenistan häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitinde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär we bu möhüm ugurda uly möçberli işleri dowam etdirýär. Çykyş edenler Türkmenistany Milli Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli gutladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi