icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 fewral 2022

1175

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. 

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we Türkiýäniň doganlyk halkynyň bähbidine hem-de gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda we ymtylmalarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. 

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hoşniýetli goldaw sözleri hem-de gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köpasyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we iki goňşy halklaryň özara hormat goýmagynyň berk binýadynda ýola goýlan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. 

Söhbetdeşler köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene – Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar. 

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk kärhanalaryny çekmek arkaly şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy. 

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetli orny eýeleýändigi barada aýdyp, iki ýurduň halklaryny taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk hoşniýetli däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Şu ugurlar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşýar. Şeýle hem söhbetdeşler ylym we bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki döwletleriň guramasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtap, bu halkara düzümiň dünýäde geljegi uly bolan abraýly guramalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzyň bu gurama synçy döwlet hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi guwançly wakadyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Türkmenistanyň onuň işine we bu düzümiň Aksakgallar Geňeşine (Ýaşulular Geňeşine) işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna (TÜRKPA) we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine ýurdumyzyň gyzyklanýandygy barada aýtdy. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi