icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 mart 2022

1267

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşdy

Şu gün, 10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi.

R.Meredow we B.Ýyldyrym türki halklarynyň däp-dessurlarynyň hem-de adatlarynyň derwaýys ähmiýetini nygtamak bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň işiniň umumy medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýaşlarda umumy taryha bolan hormatyň terbiýelenmegine gönükdirilendigini beýan etdiler. 

Bu ugurda, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň Aksakallar geňeşiniň işine işjeň gatnaşmaga taýýarlyk bildirýändigini hem beýan etdi. 

Taraplar şeýle-de şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň hem-de onuň geçirilmeginiň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylarynyň topary bilen özara hereket etmegiň meselelerine hem aýratyn üns berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi