icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 mart 2022

3530

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Hususan hem, ikitaraplaýyn söwda dolanşygyny artdyrmagyň, energetika ulgamynda özara hereket etmegiň, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine seredildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän aýratyn alnan sebit we halkara ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi