icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 mart 2022

1177

Türkmenistanyň we Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şu duşuşygyň strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunlukda, ministrler dört sany esasy ugurlar: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlary boýunça işleýän, Türkmenistanyň we HHR-nyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça Komitetiň döwletara gatnaşyklarynyň netjeli guraly bolup çykyş edýändigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijeliligini, şonuň ýaly-da birek-biregiň başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygyny bellediler. «Merkezi Aziýa - Hytaý» Sammitiniň netijeliligi hem nygtaldy. 

Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Ministrler bu sebitleýin dialogyň öz wagtyndalygyny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Hytaýyň owgan meselesi babatynda hemişelik hem-de yzygiderli esasda gepleşikleri alyp barýandyklary bellenilip geçildi.  

Bu ugurda, taraplar sebit hem-de global gün tertibiniň derwaýys meseleleri, hususan-da ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatynda Türkmenistanyň we Hytaýyň nukdaýnazarlarynyň ýakynlygyny hem-de gabat gelýändigini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi