icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 iýun 2017

995

Türkmenistanda Merkezi Aziýa – BMG ýokary derejeli dialogy geçirildi

2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygynda BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny Merkezi Aziýada amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa bilen BMG-niň dialogyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy.   

Dialogyň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Täjigistan Respublikasynyň içeri işler ministri, Gazagystan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi, Aragatnaşyklar boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy, BMG-niň wekilhanalarynyň we agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Bu duşuşygyň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin derejede Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny (A/RES /60/288) durmuşa geçirmek boýunça ilkinji özboluşly resminamasy bolan Merkezi Aziýada Hereketleriň Bilelikdäki Meýilnamasynyň (HBM) ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Duşuşygyň dowamynda bu Meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen geljekdäki strategiki maksatlar bellenildi.

Baş Sekretarynyň esasy hasabatyndan soňra bäş sany Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary terrorçylyga garşy göreşde we zorlukly ekstremizmi ýok etmekde öz ýurtlarynyň duçar bolýan howplary barada hasabatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlarynda esasy üns Merkezi Aziýada Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny (A/RES /60/288) we söweşjeň ekstremizmi ýok etmek boýunça Hereketleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna berýän goldawyna berildi. Bu bolsa öz içine BMG-niň Terrorizme garşy merkeziniň we BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň “BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Bilelikdäki Meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň” birinji we ikinji tapgyrlaryny, şeýle hem bu bilelikdäki başlangyjyň üçünji tapgyrynyň düzüjilerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.

        Ýokary derejeli dialog emele gelýän Merkezi Aziýa sebitine täsir edýän terrorçylyk howplary we garşylyklary barada anyk düşünjesini emele getirdi, şeýle hem HBM-niň sebitde terrorçylyga garşy göreşmekde eden goşandyny belledi.

Dialogyň netijesi boýunça Merkezi Aziýa – BMG ýokary derejeli dialogynyň Aşgabat Beýannamasy kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi