icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 aprel 2022

1539

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Ilçisini kabul etdi

Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.

Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçiriljek Dördünji Aziýa-Ýuwaş ummany Suw Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoýüzlenmesiniň görkezilmeginiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Diplomatlar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesini beýan etdiler we onuň ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar. 

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar şonuň ýaly-da, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Geljegi uly ikitaraplaýyn taslamalaryň ilerledilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ähmiýetli mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy. 

Şonuň ýaly-da, iki ýurduň abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hereketleriniň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi