icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

03 maý 2022

4698

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor- mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik eseriniň many-mazmuny, onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ruhy kämillik, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi