Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygyny kabul etdi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi.

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine we halkyna özüniň bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada aýdyp, söwda-ykdysady ugurlarda bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda mähirli kabul edilendigini üçin hormatly Prezidentimize ýene bir ýola hoşallyk bildirip hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Talant Mamytow Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy hökmünde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.