Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow MA döwletleriniň we RF Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz MA döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ähliumumy bähbitleri we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny nazarlaýan daşary syýasytynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň geçirilmeginiň ähmiýetine üns berlip, duşuşyklaryň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet dolandyryş ulgamyndaky gatnaşyklary, öňüni alyş diplomatiýasyny, daşku gurşawy goramak ýörelgelerini, telekeçiligi, işewürligi, medeni, ylym we sungat gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, umuman, gender deňligi üpjün etmekde ähmiýetlidigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen gatnaşyklary işjeňleşrirmegiň we dürli ugurlar boýunça sebitara hyzmatdaşlyga parlamentler tarapyndan goldaw berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky ähliumumy abadançylyk, ösüş ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.