icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 maý 2022

1152

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işine başlady

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işine başlady. Dialoga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri gatnaşýarlar.

«Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly plenar mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, GDA gatnaşyjy ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, BMG-nyň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German we  BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan dagylar çykyş etdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenan wekilleri öz çykyşlarynda geçirilýän Dialogyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler we gender syýasatynyň hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zenanlaryň ornuny berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyň möhümdigini belläp geçdiler.

Plenar mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergi bilen tanyşarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi