icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2022

1392

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydygyny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerine hem üns berdiler. Bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi