icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2022

1212

Brýussele saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 16-njy maýda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Gi Lens, şeýle hem Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebit hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça dolandyryjy müdiri jenap Maýkl Zibert bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen özara gatnaşyklarynyň ösüşi we bu ugurda zerur bolan bilelikdäki alnyp barylmaly işler boýunça meselelere seredilip geçildi. Hususan-da, 2019-njy ýylyň ýanwaryndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, Aşgabatda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Sebitleýin okuw merkezini açmak, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk we beýleki meseleler boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary bilen gepleşikleriň çäklerinde taraplar Hartiýanyň döwrebaplaşdyrylmagynyň gidişini, energiýa çeşmeleriniň halkara üstaşyry üçin hukuk binýadyny döretmek boýunça öň ýola goýlan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, energiýa netijeliligi ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de sebitara energetiki gün tertibiniň meslelelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň wekilleri bilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da 17-nji maýda Brýusselde geçiriljek syýasy we howpsuzlyk mesleleri boýunça “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna görülýän taýýarlyklara seredilip geçildi. Türkmen tarapy energetika, ulag, daşky gurşawy goramak, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi