icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 maý 2022

1452

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Baştutanynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigini aýratyn belledi.

Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köpugurly hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär hem-de parlamentara gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki döwletiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi