icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

23 maý 2022

3717

Wenada BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi

2022-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda Wenada gibrid gornüşinde BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine 130 ýurduň we 55 hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Mejlisiň açylyşynda EKOSOS-yň başlygy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-Zenanlaryň Ýerine ýetiriji direktory we  BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat                                      kazyýeti komissiýasynyň başlygy çykyş etdiler. Olar Kioto Beýannamasynyň wezipelerine, aýallaryň we gyzlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň güýçlendirilmeginiň zerurdygyna hem-de ählumumy torunyň wehimlerine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Onda guramaçylar terrorçylyga garşy göreşmek boýunça BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň ählumumy maksatnamasynyň täze bäşýyllyk taslamasy bilen gysgaça tanyşdylar. Maksatnamanyň şu ýyl güýje girizilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmen wekilleri çärä gatnaşyjylar bilen terrorçylyga we beýleki howplara garşy göreşmegiň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi