icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 maý 2022

1129

Türkmenistanyň resmi wekilleri ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw forumynyň mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary boýunça çykyş etdi

2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekili Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi. Hazar deňziniň köp sanly söwda ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi we Türkmenbaşy halkara portyň amatly ulag merkezi hökmündäki wajyp roly bellenildi. Türkmenistan ýaşyl portlary we transport aragatnaşygyny ösdürmekde, şeýle hem energiýa pudagynda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmeginde ÝHHG bilen amaly hyzmatdaşlyga bil baglaýangy bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamlary we suw dolandyryşy temalaryň galýandygy barada habar berildi. Türkmenistan ÝHHG sebitinde bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreleri goldaýandygy we ýurduň iri halkara we sebitleýin taslamalaryna başlamak bilen ulag mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygy nygtalyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi