31 maý 2022
4254
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmek Maksatnamasynyň wajyplygy bellenildi. Onda ýöriteleşdirilen halkara guramalary, şol sanda BIEG we Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun berilýär.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek