icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

06 iýun 2022

3545

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisiniň Pakistanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň täze bellenen Daşary işler boýunça döwlet ministri hanym Hina Rabbani Khar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, aýratyn-da, energiýa, söwda, ulag we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Ilçi energiýa ulgamynda strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň, bu ugur boýunça «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçiriji we optiki süýmli aragatnaşyk geçiriji liniýalary taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we ýetilen sepgitleri barada habar berdi.

Hanym Hina Rabbani Khar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi we iki dostlukly döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi