06 iýun 2022
3862
KHBS üçin habar
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň ýolbaşçylary şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seretdiler.
Başga habarlar
03
Noý
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi işe başlady
03
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary işler ministrini kabul etdi
02
Noý
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
02
Noý
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
02
Noý
Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi bilen duşuşyk barada
Ähli habarlary görmek