06 iýun 2022
5258
KHBS üçin habar
Şu gün, 6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagy boýunça meselelere seredildi.
Başga habarlar
21
Noý
“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20
Noý
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek