icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýun 2022

976

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de rus Lideri mähirli salamlaşyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezident Wladimir Putin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, taraplaryň özara tagallalary netijesinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýyldan-ýyla täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini belledi.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bir hatarda parlamentara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumy kanunçykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmakda anyk ädim boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi