Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň ählumumy bähbitlere sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän goňşy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşyp, Hazar “bäşliginiň” Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirip, bu Sammitiň ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatynda pikir alyşmaga hem-de olaryň köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ýollaryny gözlemäge oňat mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda esasy halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, şeýle hem geljegi has uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň hut ýakynlygy, halkara giňişliginde olaryň özara goldawy, goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyna, şeýle hem doganlyk halklary gadymdan bäri baglanyşdyrýan ynamyň we özara hormatyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam edýär.