icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýul 2022

1414

DIM-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda türkmen tarapy Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, BSG agzalygyna girmek üçin resmi taýdan talapnamasyny berdi. Netijelere görä, BSG-niň Baş geňeşiniň agza-ýurtlarynyň biragyzdan Türkmenistanyň talapnamasy goldanyldy we oňa “goşulýan ýurt” derejesiniň berilmegi barada çözgüt kabul edildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BSG-niň sekretariatyna hem-de Türkmenistanyň talapnamasyny goldan agza-ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle hem häzirki zaman dünýäde ykdysadyýetiň ählumumylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň ösýändigi barada nygtaldy, hususan-da pandemiýadan soňky ýagdaýlarda Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň integrirlenmegi boýunça wezipe goýuldy. Bu maksatlara ýetmek üçin netijeli ýollaryň biri hökmünde BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bellenildi.

R.Meredow Guramanyň Baş direktorynyň orunbasaryna BSG girmek üçin ýurtda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bu işler milli kanun çykaryjy binýadyň, daşary syýasy işleriň we kadalaryň kämilleşdirimegini hem-de KHBS arkaly ilatyň we işewürler toparlaryň arasynda düşündiriş işleriň geçirilmegini öz içine alýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi