icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýun 2017

1060

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler minstri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Tokio şäherine ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işine gatnaşmak üçin bardylar.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentinde ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň Başlygy  j-p Endo Toşiaki bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ylym, bilim we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we kanunçykaryjylyk ugrundaky çalyşygy höweslendirmekde gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Daşary işler minstrligine bardylar. Ol ýerde günortanlyk nahary görnüşinde Ýaponiýanyň Daşary işler minstri j-p Fumio Kişida bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäginde özaragatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda tejribe alyşmak we türkmen türgenlerini taýynlamak üçin dzýu-do boýunça ýapon tälimçilerini, şeýle hem Ýaponiýanyň wekilçilikli toparyny Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 gatnaşdyrmak üçin Türkmenistana ibermek baradaky deslapky ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisinden soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri j-p Hiroşige Seko bilen duşuşdy. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy, hususan hem ykdysady hyzmatdaşlygyň iri taslamalary, şeýle hem ikitaraplaýyn Maýa goýum Ylalaşygyny taýýarlamagyň gidişi  ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetine ugrady. Ol ýerde wekiliýet Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş Sekretarynyň orunbasary j-p Kotaro Nogami tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iri ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda häzirki zaman ýokary tehnologiýa desgalarynyň Türkmenistanda gurulmagynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, durmuşa geçirilýän taslamalaryň ençemesi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ulanylmagy babatda öňdebaryjy bolup durýandygy we şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi ugruna dolulygyna laýyk gelýändigi bellenildi.

Duşuşykdan soň Türkmenistanyň wekiliýeti iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi