icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 iýul 2022

1525

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy

2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygyny güýçlendirmek çäreleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Owganystanda parahatçylygy gurmaga aýratyn üns berildi. W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklulygyna hem-de agzybirligine we gülläp ösmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu nukdaýnazardan, "Merkezi Aziýa + ABŞ" we "Türkmenistan-ABŞ-Owganystan" ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi bellenildi.

Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi