icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 awgust 2022

3838

Türkmenistanyň Ilçisi Liwan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Aunyň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Aun Türkmenistanyň Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkejekdigine uly ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi