icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 awgust 2022

1298

KHBS üçin habar

Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy.

Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary netijeliligi bellendi.

Ikitaraplaýyn syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklaryň Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara döwlet, parlament we hökümet saparlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler.

Diplomatlar halkara meseleleriniň üstünde durup, Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gün tertibinde iň möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşligini mälim etdiler, şeýle hem sebitleýin ugurda bilelikdäki işjeň hereketleri barada nygtadylar.

Şeýle üstünlikli işleriň açary, iki ýurduň hem BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryny we ýörelgelerini berk berjaý etmegi we ilkinji nobatda döwletleriň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine hormat goýmak, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine esaslanmagy bolup durýandygy ykrar edildi.

Türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda esasy türkmen-hytaý resminamalarynyň hemmesinde bellenilip geçilen "Bitewi Hytaý" syýasatyny goldaýandygyny birnäçe gezek yglan etdi.

Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsiz galýar: Türkmen tarapy "Bitewi Hytaý" syýasatyna ygrarly, halkara hukugy esasynda Hytaýyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy

2022-nji ýylyň 5-nji awgusty

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi