Ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde möhüm çäreler geçirildi

16-njy awgustda günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa - Ýakyn Gündogar - Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ulag ministrleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi.

Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň netijeli häsiýete eýedigini belläp, dialogy yzygiderli esasda dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisi geçirildi. Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň, hususan-da, Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekilleri şu üstaşyr ulag geçelgäniň ugurlary bilen baglanyşykly ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine garaldy. Wekiliýetleriň agzalary Aşgabat ylalaşygyna gol çeken döwletleriň logistik merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, ähli ýurtlaryň logistik merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2-nji mejlisiniň Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasy kabul edildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň daşary ýurtly wekiller bilen geçiren duşuşygynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň täze ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.