Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

16 awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.

“Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan durnukly dikeltmek üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak”, “Ygtybarly ulag gatnawlary, ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlaryny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirleri peseltmek — tejribe we öňdebaryjy amallar”, “Ulag we maglumat durnuklylygy hem-de ýol howpsuzlygy üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” diýen mowzuklar boýunça geçirilen umumy mejlisleriň barşynda wekiller hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Umumy mejlisleriň barşynda, şeýle hem howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulagynyň häzirki ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamyny ösdürmegiň geljegi, pudaklaýyn düzüme maýa goýumlarynyň çekilmegi, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin bu strategik ulgamda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek baradaky başlangyç bar. Bu topar ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini gorar we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barar, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi görkezmek bolar.

Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

Jemleýji mejlisiň barşynda forumyň wekilleri tarapyndan iki günüň dowamynda geçirilen işiň netijeleri jemlenildi. Maslahata gatnaşanlaryň uly düzümi, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň giň toplumy, beýan edilen başlangyçlar, teklip edilen gurallar hem-de maslahatlar parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleriň hem-de maksatlaryň umumydygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.