icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 awgust 2022

1208

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrleri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň işiniň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşdylar.

Syýasy-diplomatiki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary şu ýylyň güýzüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň gurnalmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi