Türkmenistanyň DIM-de Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň ençemesi, hususan hem Türki döwletleriň guramasynyň Parlament Assambleýasy, Türki Söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Guramanyň çäklerinde ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de TDG-nyň Baş Sekretary türkmen tarapyny şu ýylyň noýabrynda Samarkand şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki döwletleriň guramasynyň geljekki sammitine taýýarlygyň gidişi we gün tertibi bilen tanyşdyrdy.