icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 sentýabr 2022

1261

Ýewraziýanyň işleri boýunça HHR-nyň hökümetiniň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistan bilen HHR-nyň dürli halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti bellenildi. 

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini we gabat gelýändigini nygtadylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi