icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 iýul 2017

896

Tehnologiýalar merkezinde Aralyň ýakasynda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri boýunça «tegelek stol» geçirildi

2017-nji ýylyň 5-nji iýulynda Tehnologiýalar merkezinde Aralyň täsirine duçar bolýan döwletiň territoriýasynyň sosial-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri ara alnyp maslahatlaşylan «tegelek stol» geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we oňa degişli pudaklaýyn ylmy barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we suw serişdeleri ministrliginiň edaralarynyň bilermenleri, şeýle hem agrar we lukmançylyk ugrunyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmen alymlary daşky gurşawy goramak, biodürliligi we ekologiýa ulgamlary saklamak ýaly meseleleriň üstünde işjeň işleýärler, ýerleriň çölleşmegi we rekultiwasiýasy bilen göreşmegiň, howanyň üýtgemegi şertlerine uýgunlaşmagy boýunça çärelerini işläp taýýarlaýarlar. Bu işdäki wajyp ugurlaryň biri – Aralyň ýakasynda sosial-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bolup durýar. Häzirki wagtda suwy we tebigaty ulanmagyň täze tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini alyp barmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça hödürnamalar işlenip taýýarlanylýar. Bu tematiki ugurlaryň syny forumyň dowamynda hödür edildi.

Gurnaýjylaryň belleýşine görä, türkmen alymlarynyň aktual teklipleri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasy maksatlarynyň biri bolan, Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna ýardam bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň (ПБАМ-4) taslamasyny taýýarlamagyň dowamynda ulanmak mümkinçiligi üçin seljerdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi