icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 sentýabr 2022

1469

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Awstriýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Wena şäherindäki “Hofburg” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wan der Bellen öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa öz iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi