icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýul 2017

950

DÖM Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň duşuşygy

2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň işine ýurdumyzyň 47 sany döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çykyşynyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyrjysy h-m Ýelena Panowa ulgamlaýyn esasdaky yzygiderli özarahyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň durnukly ösüşiň esaslaryny geljekgi 15 ýyl üçin saýlan sebitdäki ilkinji ýurtlaryň biridini belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň global derejede DÖM amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin goldawy bermek, ornaşdyrmak we berkitmek boýunça BMG-niň missiýasynyň (MAPS) geçiriljek ýurtlarynyň sanawyna goşulandygyna üns çekdi.

Şunuň bilen baglylykda DÖM Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň duşuşygynda «DÖM boýunça  syýasatlary işläp düzmekde (MAPS) goldawy bermek, ornaşdyrmak we çaltlaşdyrmak boýunça başlangyç netijeleri we indiki missiýa üçin Tehniki ýumuş» temasy barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Stambul ş. Durnukly ösüş boýunça sektorynyň ýolbaşçysy Jorj Buma, BMG-niň ÖM-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik wekiliniň orunbasary Munhtuýa Altagerel çykyş etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda MAPS missiýasy DÖM milli we sebitleýin maksatnamalara we strategiýalara ornaşdyrmak boýunça ençeme teklipleri etdiler.

Şeýle hem DÖM durmuşa geçirmegiň ýurt boýunça strategiýalary we tejribeleri baradaky görkezmeleri bilen ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliniň w.ý.ý. Lýubomir Frebort, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Margret Mariýa Uebber, Fransuz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Fransua Delaos çykyş etdiler.

Soňra şol günüň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň MAPS missiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy bolup, oňa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyrjysy Ýe.Panowa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça  syýasatlary işläp taýýarlamagyň meseleleri, şeýle hem DÖM-yň monitoring ulgamynyň institusional gurluşy baradaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi