icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2022

1482

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Sloweniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşyk geçirdi

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Gepleşigiň başynda S.Žbogar Sloweniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 2024-2025-nji ýyllar üçin öz dalaşgärligini öňe sürendigini aýtdy we 2023-nji ýylyň iýunynda geçiriljek bu saýlawda goldaw bermegi haýyş etdi.

Ilçi A.Ataýewa saglygy goraýyş, telekommunikasiýalar we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada belledi.

Hemişelik wekil Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynda 2023-nji ýyly Halkara “Dialog parahatçylygyň kepili” atly ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň taslamasyny öňe sürmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy we Sloweniýanyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi