icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 oktýabr 2022

1695

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Forumynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýurdumyzyň Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Forumynyň ýörite wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alnyp malshatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň – Adalatçynyň edarasynyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BMG we onuň degişli ýöriteleşdirilen edaralary hem-de ÝHHG bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň alyp barýan işleriniň aýratynlyklary we döredilen wagtyndan bäri gazanylan netijeler barada maglumat berdi. Şeýle hem öz wezipelerini has hem netijeli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Adalatçysynyň Diwanynyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi hem-de pugtalandyrylmagy üçin zerur bolan çäreler beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi