icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 oktýabr 2022

1512

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi bellenildi.

Taraplar halkara ähmiýetli we ikitaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň, hususan-da bilim, oba hojalyk, ulag ulgamy, maýa goýum, energetika, nebit we himiýa ugurlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Şeýle hem, iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi