icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

14 oktýabr 2022

3610

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. 

Taraplar şeýle hem ulag-logistika, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli dialogyň işjeňleşdirilmegine taraplaryň taýýardygy beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi